Biz “Ýakyn Dost” hojalyk jemgyýeti Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 14246 belgili kararyna laýyklykda güneşli diýarymyzyň Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň çäginde 3ga ýer böleginde 2000 m2 ýapyk gök we bakja önümlerini gaplaýan kärhanamyzy gurduk.

Biz “Garaja” markasy we “Lezzetiň dermandyr jana!” şygary bilen azyk pudagyna ilkinji ädimimizi ädip, halkymyza mürepbe, şerbet we ýapma önümlerini hödürleýäris. Jana ýaramly tebigy lezzet bolan önümlerimizi iň täze we häzirkizaman enjamlar bilen oturdylan sehimizde gigieniki șertlerde öndürýäris. Biziň maksadymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümlerimizi halkymyza el ýeterli bahadan ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşandymyzy goşmakdyr.
Noş bolsun!